Mundan birnäçe ýyl öň, kompýuterlerda faýllary tutmak üçin ýeterli ýer bolmaýardy. Iki sany diske bir faýl sygmaýardy. Gün saýyn ösen tehnologiýa netijesinde bir topar faýllary saklamaga başladyk. Indi, bilgileri elimizde tutmak esasy zat däl bolup, elimizdäki faýllary islendik wagt el ýeterli bolmasy esasy zat boldy. Bu sebäpli köp sistemalar çykdy. Bularyň biri hem dropboks bolýar. Dropboks bulut tehnologiýasy bolup, islendik wagt dropboksa iberen faýllary ulanyp bolar. Dropboksy ulanmak üçin internet hökmän gerek

Dropboksy islendik enjamlar (akylly telefonlar, kompýuterler we tabletler) bilen ulanyp bileris. Dropboksyň esasy edýän zady, ulanýan enjamymyzdan faýllary alyp dropboksa iberen ýagdaýymyzda,  dropboks ol faýllary özünüň bulut merkezine iberýär we ol faýllary islendik wagt dropboksyň bulut merkezinden alyp bileris.

       Dropboksyň peýdalary

Iň gowy tarapy, ofisiňizde ýa-da dostyňyzyň kompýuterinde eden işleriňizi dropboksa goýberip, öz kompýuteriňizi ulanan wagtyňyz dropboksdan alyp bilersiňiz.

Birden köp enjamlar bilen ulanyşly. Öýüňüzde eden işiňizi, ýolda telefondan girip hem dowam edip bilersiňiz ýa-da iş ýeriňizde…

Beýleki gowy tarapy bolsa, eden işleriňizi başga birileri bilen paýlaşmak. Ýagny, başga birileri bilen paýlaşan ýagdaýyňyzda, ol ýa-da olar hem siziň eden işleriňizi ulanyp biler.

       Dropboksyň ulanylyşy

Birinji etjek zadyňyz, dropboksyň  saýtyna girip özüňiz üçin hasap açmaly. Epoçtanyňyza gelen hat bilen hasabyňyzy aktiw ýagdaýa  getirýärsiňiz. Açaryňyzy nähili çylşyrymly edip bilseňiz hasabyňyz goragly bolar. Epoçtany aktiw edenden soň, dropboksyň programyny enjamyňyza gurarsyňyz. Gurandan soň, programy açyň. Bu program bilen hasabynyňyza girip ulanyp bilersiňiz. Açan wagtyňyz faýllary saklamak üçin 2 gb ýeriňiz bolar. Eger isleseňiz ýeriňizi köpeldip bilersiňiz. Enjamyňyzda dropboks papkaňyzy ýa-da özüňiz papka açyp ulanyň.

       Dropboks mugtmy?

Mugt hasabyňyzda 2 gb ýeriňiz bolar. 100 gb üçin her aý 10 dollar, 200 gb üçin 20 dollar töweregi pul bermeli. Doly maglumaty hasabyňyzyň ýer köpeltmek böleginde öwrenip bilersiňiz.

Dropboksyň mugt ýer al  sahypasyndaky sowgatly işleri eden ýagdaýynyzda siziň hasabyňyzdaky ýeriňizi köpeldip bolar. Ol işleri edip 250 mb ýer alarsyňyz. Mundan başga hem bir dostlaryňyzy dropboksa çagyryp 250 mb ýerleri toplap 10 gb ýere çenli köpeldip bilersiňiz.

        Dropboksy ”Dokumentlerim” papkasyny döretmek

Dropboksy ”Dokumentlerim” papkasy ýaly edip, kompýuteriňizdäki ”Dokumentler” papkaňyzy internet arkaly her ýerde ulanyp bilersiňiz. Windows 7, windows 8, wista ulanýanlar dokumentler papkasynyň üstüne getirip, syçanyňyzyň sag tarapyna basyp, Aýratynlyklara we ýer bölegine girmeli. Soňra dropboksyň ulanýan papkasynyň adresini ol ýere ýazyp üýtgetmeli. Islendik wagtyňyz öz ýagdaýyna getir düwmesi bilen öňki ýagdaýyna getirip bilersiňiz.

       Dropboks arkaly aýdym eşitmek

Dropboksda mp3 faýllaryňyzy hem ulanyp bilersiňiz. DropTunes bilen bu mp3 faýllaryňyzy göni hasabyňyz arkaly diňläp bolar. Dropboks hasabyňyz bilen droptunes agza boluň we aýdymlaryňyz durýan papkaňyzy açyň. Droptunesy ulanmak mugt we muny ulanmak üçin internetiňiz gerek. Ýöne, asla ýatdan çykarmaň. Diňlemek isleýän aýdymyňyz üçin dropboks hasabyňyzda aýdymyňyzyň faýly möçberinde boş ýer bolmaly. Mysal üçin, 10 mb möçberinde aýdym diňlejek bolsaňyz, dropboks hasabyňyzda 10 mb boş ýer bolmaly. Munuň sebäbi, droptunes aýdymy aýtdyrmak üçin dropboks hasabyňyzdaky boş ýeri ulanýar.

       Faýllaryňyzy epoçta bilen hasabyňyza ibermek

Epoçta arkaly iber  programy bilen faýllaryňyzy dropboksa epoçta arkaly iberip bolýar. Bu usul gmail, hotmail we yahoo ýaly meşhur epoçta hyzmatlary bilen mümkin. Başga bir ýol bolsa, Dropboksa iber hyzmatyny hem ulanyp dropboksa faýl iberip bilersiňiz. Bu ýoluň gowy tarapy, Google dokumentlerinden göni faýl alyp bilersiňiz.

      Ekranyňyzyn suratyny alyp dropboksa ibermek

Ekranyňyzdaky dropboks simwolynyň sag tarapyndan isleglere girip düzeldip bolýar. Muny edenden soň ekranyňyzy surata alan wagtyňyz internetiňiz açyk bolsa dropboks iberilýär.

      Dropboksa haýsy dokumentleri ibermäli däl?

Özüňize degişli maglumatlary, bank kartyňyz hakyndaky maglumatlary, bankyňyzdaky hasabyňyza degişli maglumatlary, telefon nomerleriňizi, öý adresiňizi, internette ulanýan saýtlaryňyzyn hasaplar hakynda maglumatlaryňyzy, hususy suratlaryňyzy we şuňa meňzeş siziň hakynda maglumatlary dropboksa ibermeli däl. Bu maglumatlary iberen ýagdaýyňyzda interneti ulanýan islendik ulanyjy siziň maglumatlaryňyzy alyp biler. Bu bolsa siziň howpsyzlygyňyza gaty zyýan berer.

 

Atamedowa Ogultäç Taganmyradowna,

Daşoguz welaýatynyñ Köneürgenç şäheriniñ ýaşaýjysy

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/yel-elektrik-stansiyasyny-taslamagyn-sanly-ulgamy/

 

 

 

Tags: